Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky kärhanasynda şu ýyl 8 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

11:1420.10.2020
1
5325

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguz şäherindäki zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda häzirki döwürde howanyň düzümindäki adam bedenine zyýanly tozan bölejiklerinden goranmak üçin bäş gatly agyz-burun örtükleriniň, gorag eşikleriniň, lukmançylyk halatlarynyň öndürilýän möçberi ep-esli artdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu ýerde bir günüň dowamynda agyz-burun örtükleriniň 6 müňi öndürilip, ilata ýetirilýär.

Häzirki wagtda kärhanada ini 1 metre, uzynlygy hem 100 metre barabar bolan sargy serişdeleriniň täze görnüşlerini öndürmek hem ýola goýuldy. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen kärhana boýunça şu ýylyň başyndan bäri ynsan saglygyny goramaga niýetlenen 25 görnüşli önümleriň 8 million manatlykdan gowragy öndürildi hem-de geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary ösüş depgini üpjün edildi.

Bu ýerde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy, iň kämil enjamlar ösen döwletleriň derejesinde ýokary hilli önümleriň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň