Soňky habarlar

Arhiw

"Watan" DES-inde öndürilen elektrik energiýasy 1 milliard kilowat-sagatdan geçdi

11:0420.10.2020
0
4452

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky «Watan» Döwlet gazturbinaly elektrik stansiýasynda bir milliard kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi.

Amerikanyň dünýä belli General Electric kompaniýasynda öndürilen gazturbinaly enjamlaryň üçüsi bilen enjamlaşdyrylan elektrik stansiýasynyň 2016-njy ýylda işe girizilmegi diňe bir içerki islegleri kanagatlandyrman, eýsem elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmakda-da wajyp ähmiýete eýe boldy.

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Lebap wealýatynda-da senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, baý tebigy serişdeleri özleşdirmek hem-de halkara ähmiýetine eýe bolýan ulag pudagyny çalt depginlerde ösdürmek bilen baglanşykly düýpli özgertmeler bolup geçýär.

Ykdysady özgertmeler jähtinden elektrik energetikasynyň düzümleri çalt depginlerde ösdürilýär we türkmen elektrik energiýasynyň eksporty, ozaly bilen, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilişi artdyrylýar. Häzirki wagtda Çärjew etrabynyň çäklerinde kuwwatlylygy 432 megawtt bolan iň döwrebap täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň