Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar Gazagystandaky Alma-Arasan jülgesine gezelenç etdiler

10:4320.10.2020
0
9958

Russkiymir.ru web sahypasynyň habaryna görä, türkmenistanly talyplar Zail Alataunyň merjenlerinden birine ― Gazagystanyň Alma-Arasan jülgesine baryp gördüler.

Bu gezelenjiň guramaçysy Al-Faraby adyndaky Gazagystanyň Milli uniwersitetiniň Russiýa merkeziniň ýolbaşçysy Žanna Umatowadyr. Ol türkmen talyplary bilen sebitiň gözel ýerlerine ozal hem birnäçe gezek bilim gezelençlerini gurapdy.

Türkmenistanly talyplar jülgäniň ajaýyp tebigatyny synladylar. Birnäçe asyrdan bäri ýaşap gelýän arça agaçlary, dag derýasynyň arassa suwy, radon hammamlary bu ýere gelýänleri haýran galdyrýar.  

Talyplar gezelenç wagtynda rus dili boýunça bilýänlerini kämilleşdirdiler. Mugallym gezelenç sapagyny dürli oýunlar bilen hem gyzyklandyrdy.

Talyplar ýubileý agşamyna taýýarlyk görülýän şahyr Sergeý Ýeseneniniň goşgularyny okadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň