Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

23:5719.10.2020
0
8366

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Onda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Welaýat häkimleri we sebitlere jogapkär wise-premýerler işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Sebitleriň gowaça meýdanlarynda hereket edýän oba hojalyk tehnikalaryny bökdençsiz ulanmak, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek we ýygnalan hasyly harmanhanalara daşamak boýunça ýerine ýetirilýän sazlaşykly işler barada milletiň Liderine hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, pagtaçy kärendeçiler ýetişdirilen hasyly doly we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda öndürijilikli zähmet çekýärler.

Güýzlük bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, häkimler bu möwsümde ulanylýan tehnikalaryň we enjamlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän çäreler, ekiş wagtynda guralýan tehniki hyzmat we gögeriş gazanylan ýerlerde geçirilýän ideg işleri barada hasabat berdiler.

Iş maslahatynda başga-da birnäçe meselä seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň