Soňky habarlar

Arhiw

UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsümi ertir başlanýar

19:5819.10.2020
0
3907

UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsümine ertir badalga berler. 32 klub 8 toparçada özara 6 duşuşyk geçirer. Toparçalarda öňdäki 2 orny alanlar ýaryşy dowam etdirse, 3-nji ýerler Ýewropa Ligasyna gatnaşarlar. Toparçalaryň 1-nji tapgyrynyň 1-nji gününiň iň esasy oýny PSŽ bilen Mançester Ýunaýtediň arasynda bolar. Bu duşuşyk olaryň 3-nji oýny bolup, mundan öňki 2 oýunda hersi 1 gezek ýeňiş gazandy. 2018-19 möwsüminde 2-nji tapgyrda PSŽ myhmançylykda 2-0 ýeňip, öz meýdançasynda-da 3-1 utulyp, ýaryşdan çykypdy. Çelsi bilen Sewilýa ilkinji gezek duşuşar. Dinamo Kiýew bilen Ýuwentusyň arasyndaky bu oýun olaryň özara 5-nji duşuşygy bolar.

1-nji tapgyryň iň 2-nji gününiň iň esasy oýny-da soňky çempion Bawariýa bilen Atletiko Madridiň arasyndaky duşuşyk hasaplanýar. Bu iki topar şu wagta çenli 6 gezek duşuşdylar. Şolaryň 2-si 1974-nji ýylyň finaly bolup, 1-1 tamamlanan duşuşykdan soň, gaýtadan oýnalan finalda nemes kluby 4-0 ýeňiş gazanýar. Olaryň arasyndaky galan 4 oýun bolsa, 2016-njy ýylda oýnaldy. 2015-16 möwsüminiň ýarym finalynda öz meýdançasynda 1-0 utan ispan kluby, jogap oýnunda 2-1 ýeňilse-de finala çykýar. 2016-2017 möwsüminiň toparçalaryndaky oýunlarda bolsa, her klub öz meýdançasynda 1-0 ýeňiş gazanýar. Tapgyryň ýene bir esasy duşuşyklarynyň biri-de Aýaks bilen Liwerpulyň arasynda bolup, olar 3-nji gezek resmi ýagdaýda duşuşarlar. Mundan öňki 2 oýun 1966-njy ýylda oýnalyp, şonda bu ýaryşyň 2-nji tapgyryndaky duşuşyklar 2-2 we 5-1 niderland toparynyň peýdasyna tamamlanypdy.  

 

20-nji oktýabr

“E”: Çelsi – Sewilýa (00:00), Renn – Krasnodar (00:00)

“F”: Zenit – Klub Brýugge (21:55), Lasio – Borussiýa D (00:00)

“G”: Dinamo Kiýew – Ýuwentus (21:55), Barselona – Ferençwaroş (00:00)

“H”: PSŽ – Man. Ýunaýted (00:00), Leipsig – Istanbul BŞ (00:00)

 

21-nji oktýabr

“A”: RB Salsburg – Lokomotiw (21:55), Bawariýa – Atletiko (00:00)

“B”: Real Madrid – Şahtýor (21:55), Inter – Borussiýa M (00:00)

“C”: Man. Siti – Porto (00:00), Olimpiakos – Marsel (00:00)

“D”: Aýaks – Liwerpul (00:00), Midtýullann – Atalanta (00:00)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň