Soňky habarlar

Arhiw

El senetleri bilen bagly sergi-bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi

18:2019.10.2020
0
7029

Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň eda­ra bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­synyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň, Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň hem-de Te­le­wi­de­niýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da «Se­net — eliň al­tyn bi­le­zi­gi» at­ly ser­gi bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji döw­let tap­gy­ry ge­çi­rildi.

Bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar hal­ky­my­zyň baý geç­miş mi­ra­sy­ny, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, däp-dessurlarymyzy şöh­le­lendir­ýän se­net­çi­li­giň we mil­li el hünärleriniň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar.

Ta­pa­wut­la­nan ýaş­lar bäs­le­şi­gi gu­raý­jy­lar ta­ra­pyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar bi­len sy­lag­lan­dy­lar, şeý­le hem iş­jeň gat­na­şan­la­ra Hor­mat ha­ty hem-de ýa­dy­gär­lik sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Bu barada Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­synyň resmi saýty habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň