“iPhone 12” smartfonlarynyň ekranyny çalyşmagyň bahasy mälim edildi

16:3819.10.2020
0
710
“iPhone 12” smartfonlarynyň ekranyny çalyşmagyň bahasy mälim edildi

“Apple” kompaniýasy geçen hepde tanyşdyrylan we sargyt kabul edilip başlanan “iPhone 12”-niň hem-de “iPhone 12 Pro”-nyň ekranlaryny çalyşmagyň bahasy barada habar berdi. Ýeri gelende aýtsak, “iPhone 12 mini” hem-de “iPhone 12 Pro Max” üçin entek sargyt kabul edilip başlanmady. Onlaýn satuwy ýola goýlan “iPhone 12” hem-de “iPhone 12 Pro” modelleri şu hepdäniň bäşinji gününden başlap, eýelerine gowşurylyp başlanar. “Apple” kompaniýasy “iPhone 12”-niň we “iPhone 12 Pro”-nyň ekranlaryna zeper ýeten ýagdaýynda ony çalyşmak üçin 279 dollar nyrh kesipdir. Häzirki wagtda “iPhone 11 Pro”-nyň hem ekrany şol bahadan täzelenip berilýär. Ýagny, kompaniýa “iPhone 12 Pro”-nyň ekrany “iPhone 11 Pro”-dan uly hem bolsa (degişlilikde, 5,8 dýuým hem 6,1 dýuým) bahasyny üýtgetmändir. Şeýle hem, LCD ekranly “iPhone 11”-iň ekrany 199 dollara, “iPhone 12”-niň bahasy bolsa, 279 dollara çalşylyp berilýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň