Iň gysga wagt aralygy ölçendi

16:0219.10.2020
0
329
Iň gysga wagt aralygy ölçendi

Geote uniwersititiniň hünärmenleri iň gysga wagt aralygyny ölçediler. Hünärmenler topary iň gysga wagty kesgitlemek üçin bir fotonyň bir wodorod molekulasynyň içinden näçe wagtda geçýändigini hasapladylar. Uniwersitetiň fizigi Reýnhard Dörneriň ýolbaşçylyk edýän topary häzire çenli hasaplap bolýan iň gysga wagta “zeptosekunt” diýip at berdiler. Bu wagt bölegi noldan soňra 20 sany noluň yzyndan 1 goýulmak arkaly ýazylýar. Ölçeg birligi bolsa sekunt.

Hünärmenler 2016-njy ýylda wagty 850 zeptosekunda çenli ölçemegi başarypdylar. Täze synagda bolsa, 247 zeptosekundy hasapladylar. Bu synanyşyk wagty takyk ýene bir sepgidiň geçilendigini görkezýär. Entek hasaplamak başartmadyk hem bolsa, hünärmenler sekundyň milliarddan birini femtosekunt diýip atlandyrýarlar. Wagtyň has kiçi bölekleri himiýada reaksiýalarda fizikada şöhle bilen bagly işler edilende gerek bolýar.

Ýeri gelende aýtsak, 1999-njy ýylda müsürli himik Ahmed Zewail molekulalaryň şekillerini üýtgedýän wagtyny ölçändigi üçin Nobel baýragyna mynasyp bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň