20 ýyldan soň ikisi-de bir tapgyrda hem gol geçirip bilmediler, hemem ýeňildiler

13:2119.10.2020
0
369
20 ýyldan soň ikisi-de bir tapgyrda hem gol geçirip bilmediler, hemem ýeňildiler

Ispaniýanyň çempionaty “La Liganyň” 6-njy tapgyrynda çempion “Real Madrid” hem-de “Barselona” toparlary hem gol geçirip bilmediler, hem-de ýeňildiler. “Real Madrid” liganyň täze wekili “Kadizden” öz meýdançasynda 1-0 utuldy. “Real” çempionatda 15 oýundan bäri ýeňilmän gelýärdi. “Barselona” bolsa, myhmançylykda “Hetafeden” iň kiçi hasap bilen asgyn gelipdi. Şeýle görkeziji iň soňky gezek 20 ýyl mundan ozal, 2000-2001 möwsüminiň 22-nji tapgyrynda hasaba alnypdy. Şonda “Real Madrid” “Atletikodan” 1-0, “Barselona” bolsa “Rasingden” 4-0 asgyn gelipdi. Galyberse-de, “El Klasikonyň öňüsyrasynda iki topar hem bilelikde 17,5 ýyldan soň, ýeňiş gazanyp bilmedi. Şonda “Real Madrid” topary “Real Sosiedaddan”, katalonlar “Deportiwodan” 4-2 utulypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň