Luis Suares Ronaldodan soň, 2-nji futbolçy boldy

12:5119.10.2020
0
381
Luis Suares Ronaldodan soň, 2-nji futbolçy boldy

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” möwsümiň başynda ”Barselonadan” “Atletiko Madride” transfer bolan Luis Suares taryhy statistika görkezdi. Urugwaýly hüjümçi toparynyň myhmançylykda “Selta Wigony” 2-0 ýeňen duşuşygynda madridlileriň 1-nji goluny-da derwezä girizdi. Şunlukda, ol 195-nji “La Liga” duşuşygynda 150-nji gezek tapawutlandy. Tejribeli hüjümçi 21-nji asyrda Kristiano Ronaldodan soň, 150 gola iň çalt ýeten oýunçy boldy. Ronaldo 150 gola 140 duşuşykda ýetipdi.

Simeoneniň 200-nji ýeňşi

Şeýle-de “Atletiko Madridiň” argentinaly tälimçisi Diego Simeone hem 200-nji ýeňşini gazandy. Ol 330 duşuşykda bu görkezijä ýetdi. Ussat tälimçi Simeone bu görkezijä “Real Madridiň” irki ýyllardaky tälimçisi Migel Munýosdan soň (257 oýunda 200 ýeňiş), iň çalt ýeten tälimçi hökmünde hasaba alyndy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň