Aşgabatda Animasiýa kursy açyldy

12:2119.10.2020
1
17235

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Başlangyç hünär okuw mekdebinde Animasiýa kursy açyldy. Bu barada «Türkmenistan: Sport» halkara žurnalynyň hepdelik goşundysynda habar berildi.

Bu ýere kompýuter tilsimatlaryndan ýeterlik baş çykarýan ýaşlaryň saýlanyp alynmagy bilen degişli programmalarda modelirleme, tekstura, grafika we beýleki ugurlar boýunça zerur bolan hünärmenler ýetişdiriler.

Häzir Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde bu babatda ýeterlik tejribe toplanyldy. Bu ýerde döredilýän 3D görnüşli türkmen multfilmleriň sany barha köpelýär.

—Multiplikasiýa sungatynyň köp zähmeti we döredijilikli çemeleşmegi talap edýänligi, işiň inçeligi ýörite sungat toparynyň döredilmegini şertlendirdi. Nesip bolsa, animasiýa okuwlaryna saýlanyp alnan ýaşlar berilýän bilimleri öz ukyp-höwesleri bilen ösdürip, täze multfilmleri döretmäge gatnaşarlar – diýip, başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy Röwşen Welmiýew gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Guvanch11 ( 01.12.2021 )

Здравствуйте. Подскажите пожалуйста. Где открылись эти курсы по компьютерной анимации? Адрес и телефон мне нужен, если можно напишите мне пожалуйста.

0