Täze Zelandiýadaky saýlawlarda häzirki Premýer-ministriň partiýasy ýeňiş gazandy

11:5219.10.2020
0
180
Täze Zelandiýadaky saýlawlarda häzirki Premýer-ministriň partiýasy ýeňiş gazandy

Täze Zelandiýada geçirilen hökümet saýlawynda ýurduň häzirki Premýer-ministri Jasinda Arderniň ýolbaşçylyk edýän Işçi partiýasy ýeňiş gazandy. Resmi bolmadyk netijelere görä, Işçi partiýasy sesleriň 49 göterimini aldy. Ol 120 agzasy bolan parlamentde 64 orna eýe boldy. Oppozision partiýa bolan Milli partiýa 26,9 göterim ses alyp, parlamentdäki 35 kürsä eýe boldy. Galan 21 kürsi bolsa, 4 partiýanyň arasynda paýlaşyldy. Saýlawyň tamamlanmagyndan soň, Milli partiýanyň lideri Judit Kollins Premýer-ministr Arderni telefon arkaly gazanan ýeňşi bilen mähirli gutlady. Şeýlelikde, ýurdy 24 ýyldan soň, ilkinji gezek bir partiýa dolandyrar. Mundan öň koalisiýa hökümetler bilen dolandyrylan Täze Zelandiýada 40 ýaşyndaky Arderniň partiýasy geçen saýlawa garanyňda, deputat sanyny 22 artdyryp, uly ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň