Soňky habarlar

Arhiw

“Toyota” Aýda sürmek üçin ýene bir ulag öndürer

11:5119.10.2020
0
771

“Toyota” kompaniýasy Ýaponiýanyň Kosmos barlaglary agentligi (JAXA) bilen bilelikde Aýda sürmäge niýetlenen ulag öndürer. Astronawtlaryň Ýeriň hemrasynyň ýüzünde açyş etmekleri üçin ulanyljak ulag 2020-nji ýyllaryň ahyrlarynda Aýa iberiler. Ýeri gelende aýtsak, “Toyota” mundan ozal “Lunar Cruiser” atly şeýle ulagy tanyşdyrypdy. Awgust aýynda tanyşdyrylan bu ulagyň içinde kadaly ýagdaýda kislorod we basyş bolup, astronawtlaryň hiç hili ýörite eşik we beýleki dem alyş enjamlaryny geýmezden oturmagy üçin amatly bolar. Aýda sürüljek ulag 42 günüň dowamynda 10 müň kilometre barabar ýol geçiler. Ulag ýangyç bilen bir gezek doldurylanynda müň kilometr geçmäge ýeter. Aýda gije we gündiz iki hepde dowam edýändigi sebäpli, ulagda Gün panelleriniň oturdylmagy hem göz öňünde tutulýar. Ulag gündelik durmuşda ulanylýan adaty ulaglar ýaly ähli howpsuzlyk tehnologiýasy bilen üpjün ediler. “Lunar Cruiser” 2029-njy ýylda Aýa iberiler. Oňa çenli ulag onlarça synagdan geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň