Soňky habarlar

Arhiw

Awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatlary geçirildi

11:3319.10.2020
0
10886

Şu günler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň şu ýyl üçin köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägine degişli bolan “Garagum ýalkymy” atly alaw odunyň ýanyndaky ýerden ýaryşlara badalga berildi. Sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna toparlaryň 10-sy gatnaşdy.

Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugry boýunça badalga alan türgenler Garagum sährasynyň içi bilen 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşdylar. Bu gezekki çempionata gatnaşýanlaryň düzüminiň artandygyny, köpüsiniň bolsa ýaş türgenlerdigini bellemeli. Bu sportuň şu görnüşiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny hem-de ýaşlaryň onuň bilen meşgullanýandygyny subut edýär.

Türgenler ýokary tizlikli sport awtomobillerine ezberlik bilen erk edip, ýaryşy okgunlylyk bilen ynamly dowam etdirdiler.

Bellenilen ugruň iň çylşyrymly böleklerinden başarnykly geçilmegi ulaglara erk edýän türgenleriň we olaryň tälimçileriniň ýokary ussatlygyndan habar berýär.

Geçilmeli menziliň aýratynlyklary bilen içgin tanyşan türgenleriň ählisi çölüň geçmesi kyn bölegini ussatlyk bilen geçdiler.

Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezinde awtomobil sportunyň “Volkicar-drift” boýunça toparlaýyn, “Volkicar” hem-de karting görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Ilki bilen ýurdumyzyň kartingçileri bellenilen aralyk boýunça ýaryşa goşuldylar. Soňra “Volkicar” boýunça toparlaýyn ýaryşlar geçirildi.

Bellenilen badalgadan ugran türgenler ýokary tizlikli sport ulaglarynda 1671 metr aralyk boýunça üç tapgyrda ýaryşdylar. Türgenler bellenilen aralygy çalt geçmek ugrunda öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Soňra Volkicar-drift boýunça ýaryşlara badalga berildi. Oňa jemi bäş türgen gatnaşyp, olar ýekelikde öz ussatlyklaryny hem-de sport ulagyna erk etmegiň özboluşly aýratynlyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan awtomobil sporty boýunça ýurdumyzyň çempionaty tamamlanandan soň, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

Eminleriň çözgüdine laýyklykda, ralli-reýd boýunça birinji ýere “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň türgenleri Merdan Toýlyýew we Şöhrat Toýlyýew mynasyp boldular. Olar “Nissan Patrol” kysymly ýaryş awtoulagynda bellenilen aralygy 1 sagat 42 minut 07 sekuntda geçmegi başardylar.

Içeri işler ministrliginiň Bezirgen Nyýazowdan we Bäşim Saparowdan ybarat topary “Mini Cooper”awtoulagynda 1 sagat 48 minut 8 sekunt netije görkezip, ikinji orny eýeledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň toparyna wekilçilik edýän Çary Muhyýew we Mekan Populow “Nissan Padfinder” awtomobil ulagynda pellehana 2 sagat 7 minut 3 sekuntda gelip, üçünji orna mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri Bezirgen Nyýazowdan we Bäşim Saparowdan ybarat topar “Mini Kuper” awtoulagynda bellenilen aralygy 1 sagat 48 minut 8 sekuntda geçip, ikinji orna mynasyp boldy.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Merdan Toýlyýewden we Şöhrat Toýlyýewden ybarat topary “Nissan Patrol” kysymly awtoulagda bellenilen aralygy 1 sagat 42 minut 07 sekuntda geçip, birinji orny eýelemegi başardy.

Karting boýunça geçirilen ýaryşda IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Merdan Orazmuhammedow bellenilen aralygy 3 minut 33 sekuntda geçip, üçünji baýrakly oruna mynasyp boldy.

IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Kemal Täşliýew bellenen aralygy 3 minut 26 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi.

Bellenilen aralyga 3 minut 21 sekunt wagt sarp eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň türgeni Rüstem Begenjow birinji orny eýelemegi başardy.

“Volkicar” boýunça üç tapgyrda geçirilen bäsleşigiň jemleri final ýaryşyň netijeleri boýunça jemlendi.

Şonda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Maksat Daňatarow bellenilen aralygy 4 minut 35 sekuntda geçip, üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldy.

IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Gara Garaýew bolsa bu aralygy 4 minut 30 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi.

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Muhammetmyrat Gurbanow bellenilen aralygy 4 minut 29 sekuntda geçip, birinji orny eýeledi.

“Volkicar-drift” boýunça ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi.

Emin agzalarynyň çözgüdine laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň türgeni Merdan Toýlyýew bu ýaryşda 66 utuk gazanyp, baýrakly üçünji ornuna düşdi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Karen Awagýan 69 utuk gazanyp, ikinji orny eýeledi. IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Parahat Garlyýew bu ýaryşda 73 utuk gazanyp, birinji orna mynasyp boldy.

Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň elektron senagatynyň önümleri bolan gymmatly baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýraklary Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň