Hytaý kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin onlaýn goragy güýçlendirýär

09:2019.10.2020
0
1196

18 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler üçin onlaýn goragy güýçlendirmek babatda Hytaýyň kanunlaryna täzeden seredildi. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” döwlet habarlar gullugy  habar berdi.

Hytaýyň Milli halk kongresiniň hemişelik komiteti tarapyndan şenbe güni ses berlen we indiki ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girjek kanun internet hyzmatlaryny üpjün edijileriň kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin endige öwrüljek hyzmatlary hödürlemeli däldigini göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, bu kanuna laýyklykda Hytaýda oýun hyzmatlaryny we elektron metbugat ýaly onlaýn hyzmatlary üpjün edijiler kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin wagt hem-de mazmun çäklendirmeleri ýaly degişli aýratynlyklary kesgitlemeli bolarlar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň