Soňky habarlar

Arhiw

Skandinaw ýörişi bilen meşgullanan Berdimuhamedow Sport-ulag merkezinde iş maslahatyny geçirdi

23:5618.10.2020
0
18963

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde milletiň Lideri awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramak, degişli türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milletiň Lideri bu ýerde soňky döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy.

Häzirki döwürde bedenterbiýe işjeňliginiň bu görnüşi lukmançylyk ylmy tarapyndan ykrar edildi. Ýöriş mahalynda ýörite taýýarlanylan taýaklaryň kömeginden peýdalanylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Bu ýerde milletiň Liderine awtomobil sportunyň toparlaýyn “Volkicar” we ýekelikde “Volkicar-drift” görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berildi.

Şeýle hem karting boýunça ýaryşlaryň we beýleki çäreleriň guralýandygy barada aýdyldy. Şolar soňky ýyllarda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen awtomobil sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam berer.

Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow şu günler “Garagum-ýalkym” ralli-reýd boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň geçirilýändigi, onuň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýandygy barada hasabat berdi. Şu gezekki bäsleşige awtomobil sportunyň wekilleriniň toparlary gatnaşýar. Sport ulaglarynyň dürli görnüşlerine ussatlyk bilen erk edýän türgenler Garagum sährasynyň çäginde 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşar.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli geçirilýän ýaryşlaryň ýurdumyzyň Içeri işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri guraýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bolsa şu ýaryşlaryň hemaýatkäri bolup çykyş edýär.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza Sport-ulag merkeziniň ygtyýaryna täze gelip gowşan sport ulaglary barada habar berildi.

Soňra döwlet Baştutany degişli taýýarlyk işlerini ýerine ýetirip, sport ulaglarynyň birini synagdan geçirdi. Milli Liderimiz sport ulagynyň tehniki häsiýetleri, aýratyn-da, tizligi artdyrmagyň mümkinçilikleri, onuň beýleki ulgamlary hem-de ulagda sürüji üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport awtoulagyny synagdan geçirip, ýurdumyzda awtosport boýunça çempionatlary geçirmäge ak pata berip, bu awtoulagy IIM-niň awtosport merkezine sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň