Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda "Ýüpek ýoly” atly halkara syýahatçylyk uniwersiteti açyldy

18:0618.10.2020
0
1245

Özbegistan döwletiniň Samarkant şäherinde 2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda döredilen “Ýüpek  ýoly” halkara syýahatçylyk uniwersitetiniň täze okuw jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebi Merkezi Aziýada syýahatçylyk pudagyndaky ilkinji uniwersitetdir.

Samarkantda “Ýüpek  ýoly” halkara syýahatçylyk uniwersitetiniň biziň ýurdumyzda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda döredilmegi Özbegistan döwletiniň milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasy başlangyçlaryna, hem-de gadymy söwda ýolunyň iki doganlyk milleti baglanyşdyrýan umumy taryhy mirasyna uly hormat goýýandygynyň özboluşly bir simwoliki alamatydyr. 

“Ýüpek  ýoly” halkara syýahatçylyk uniwersitetiniň täze okuw binasynyň açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet komitetiniň başlygy A.Abduhakimow, Samarkant sebitiniň häkimi E. Turdimow gatnaşdy.

Häzirki wagtda bu uniwersitet iň meşhur we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birine öwrüldi hem-de Özbegistan Respublikasynda syýahatçylyk pudagyndaky ilkinji uniwersitet bolup, syýahatçylyk boýunça bakalawr we magistr derejeleriniň ähli ugurlarynda diýen ýaly talyplara tälim berýär. 

“Ýüpek  ýoly” halkara syýahatçylyk uniwersitetiniň Syýahatçylygy dolandyrmak fakultetinde 530 sany birinji we ikinji ýyl talyplary dokuz ugurda okaýarlar. Täze 2020 – 2021-nji okuw ýylynda okuwa kabul edilen we okuwyny täze döwrebap binada dowam etdirjek birinji kursda bolsa 384 talyp ýokary hünär bilimini alýar.

"Akylly uniwersitet" statusyna eýe bolan täze açylan okuw binasy dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň standartlaryna laýyklykda enjamlaşdyryldy. Elbetde, uniwersitetde döredilen şertler we mümkinçilikler talyplary okamaga, olaryň üstünde işlemäge, bilimlerini artdyrmaga, şeýle-de ýaşlaryň özlerini kämilleşdirmäge bolan mümkinçiliklerine düşünmäge itergi berer. Öz gezeginde ýokary hünärli hünärmenler bolan mugallymlar hem halkara uniwersitetiniň derejesini ýokarlandyrmaga we bu ada mynasyp bolmaga çalyşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň