TÝL ― 2020, 19-njy tapgyr: «Ahal» «Köpetdagdan» üstün çykdy

22:0917.10.2020
0
4795

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda «Ahal» «Köpetdagdan» rüstem geldi. 2:0 hasabynda «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň toparynyň peýdasyna tamamlanan duşuşykda Elman Tagaýew bilen Guwanç Abylow tapawutlandy.

Bu duşuşykdan soňra utugyny 39-a çykaran «Ahal» çempionlyk ugrundaky ýaryşa şäriklikden çekilmedi. 27 utukly «Köpetdag» bolsa dördünji orunda galdy.      

“Köpetdag” – “Ahal” – 0:2

Gollar: 47 Elman Tagaýew, 71 Guwanç Abylow.

Duýduryşlar: 71 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 76 Serdar Baýramow ― 25 Gurbanguly Aşyrow, 42 Serdar Annaorazow, 65 Güýçmyrat Annagulyýew, 75 Pirmyrat Sultanow, 76 Artur Geworkýan.

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Atdyýew (Tejen ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Tejen ş.)

 

Çempionatyň tablisasy XIX tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

19

14

4

1

48-13

46

2.

“AHAL” FK

18

12

3

3

34-12

39

3.

“ŞAGADAM” FK

19

8

6

5

27-22

30

4.

“KÖPETDAG” FK

19

7

6

6

19-14

27

5.

“AŞGABAT” FK

18

5

5

8

19-29

20

6.

“MERW” FK

18

6

2

10

20-28

20

7.

“NEBITÇI” FK

19

5

2

12

17-42

17

8.

“ENERGETIK” FK

18

2

2

14

15-41

8

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň