Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 19-njy tapgyr: «Merw» «Şagadam» bilen bolan duşuşykda utuk gazanyp bildi

22:0817.10.2020
0
1562
TÝL ― 2020, 19-njy tapgyr: «Merw» «Şagadam» bilen bolan duşuşykda utuk gazanyp bildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynda kenarýaka şäherde geçirilen duşuşykda «Merw», myhmançylykda oýnaýandygyna garamazdan, utuk gazanmagy başardy.

«Şagadam» stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamaldny. Birinji ýarymyň goşmaça minutlarynda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan Baýramgeldi Nurlyýew «Şagadamy» öňde çykaran hem bolsa, ikinji ýarymyň ortalarynda «Merw» Serdar Annamämmedowyň geçiren pökgüsi bilen hasaby deňledi.

Şeýlelikde, «Şagadam» 30 utuga çykyp, ýaryşyň üçünji ornundaky ýerini saklap galdy. Ýöne «kenarlylar» ikinji orundaky «Ahal» bilen aralygyň 9 utuga çykmagynyň öňüni alyp bilmediler. 20 utukly «Merw» bolsa ýaryşyň altynjy basgançagynda.

 “Şagadam” – “Merw” – 1:1

Gollar: 45+1 (11 m.j.u.) Baýramgeldi Nurlyýew ― 62 Serdar Annamämmedow.

Duýduryşlar: 29 Farhat Italmazow, 47 Döwletgeldi Mirsultanow, 57 Aşyrgeldi Saryýew ― 22 Amangeldi Saparow, 45 Döwlet Döwletmyradow, 59 Begenç Alamow.

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň