TÝL ― 2020, 19-njy tapgyr: «Aşgabat» «Nebitçini» ýeňip, alty tapgyrlyk utulyşyň köküne palta urdy

22:0817.10.2020
0
1591
TÝL ― 2020, 19-njy tapgyr: «Aşgabat» «Nebitçini» ýeňip, alty tapgyrlyk utulyşyň köküne palta urdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäginde paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» «Nebitçiden» üstün çykdy.

Duşuşygyň eýýäm ilkinji minutlarynda Toýmämmet Sähetmämmedow «Aşgabadyň» düzümindäki ilkinji pökgüsini geçirdi. 33-nji minutda myhmanlar Alibek Abdyrahmanowyň geçiren pökgüsi bilen hasaby deňlediler. Goşmaça wagtlarda bolsa Nazar Towakelow 11 metr jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, paýtagtyň adybir toparyna arzyly ýeňşi getirdi. Şeýlelikde, duşuşyk «Aşgabadyň» 2:1 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, Döwletmyrat Annaýewiň topary bassyr alty tapgyrlyk utulyşdan soňra ýeňiş bilen didarlaşdy we utugyny 20-ä çykardy. Amangylyç Koçumowyň şägirtleri bolsa 17 utuk bilen ýedinji orunda galdylar.

 “Aşgabat” – “Nebitçi” – 2:1

Gollar: 4 Toýmämmet Sähetmämmedow, 90+6 (11 m.j.u.) Nazar Towakelow ― 33 Alibek Abdyrahmanow.

Duýduryşlar: 63 Toýmämmet Sähetmämmedow ― 72 Hemra Gulyýew.

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Saparow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň