Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda desgalary hususylaşdyrmak işleri alnyp barylýar

18:4117.10.2020
0
929

16-njy oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow döwlet Baştutanyna ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen, gözegçilik edýän edaralarynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edaranyň hödürlemegi boýunça döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň we desgalaryň sanawy ylalaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde gelip gowuşýan teklipleri jemlemek hem-de seljermek boýunça zerur işler yzygiderli alnyp barylýar. Geçirilen işleriň netijeleri boýunça hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli sanaw hödürlenildi. Bu sanawlardaky desgalara Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparynyň mejlisinde bellenen tertipde seredildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap, durmuş ugurly ykdysady ulgamyň okgunly ösüşiniň gazanylandygyny belledi. Bu ykdysadyýet eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegini göz öňünde tutýar.

Hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň esasynda bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany bu ugurda görülýän çäreleriň döwlete dahylsyz ulgamyň milli ykdysadyýetdäki paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi. Hormatly Prezident wise-premýeriň hödürlän teklibini hem-de degişli sanawy makullap, bu ugurda bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň