Türkmenistanda baýramçylyk dabaralarynyň uly topary geçiriler

22:1316.10.2020
0
10036

Noýabr aýynda Hasyl toýy, Türkmenistanyň milli pulunyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, maslahatlary, sergileri we döredijilik duşuşyklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, wideoaragatnaşygyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly birnäçe çäreler guralar.

Aýyň dowamynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütlerinden gelip çykýan wezipelere bagyşlanan duşuşyklar guralar, ählihalk bag ekmek dabarasy, Hasyl toýy mynasybetli çäreler hem-de sportuň woleýbol görnüşi boýunça «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda spartakiada geçiriler.

Bular barada 16-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň