Gan topary 0 bolan adamlaryň ýokanç kesellere çydamlylygy ýüze çykaryldy

14:3416.10.2020
0
566
Gan topary 0 bolan adamlaryň ýokanç kesellere çydamlylygy  ýüze çykaryldy

Daniýada geçirilen ylmy gözlegde  gan topary topary 0 adamlarda ýokanç keseliň döremeklik howpunyň beýleki gan toparly ynsanlara garanyňda has pesdigi mälim edildi. Şeýlelikde, sanjym ätiýaçlyklarynyň çäkli bolan ýagdaýynda ilki kime sanjym edilmelidigini kesgitlemek aňsat boldy.

Bu ugurdaky ylmy gözlegi Orhus we Günorta Daniýa uniwersitetiniň alymlary bilelikde geçirdi. Ylmy gözlegiň hasabat maglumatlaryna görä, «COVID-19» üçin 2,7 million adamyň 470 müňüsi synagdan geçirildi we 7 müň 400 adamyň netijesi oňyn diýlip hasaba alyndy. Hasabat maglumatlarynyň netijelerini gözden geçiren hünärmenler, gan görnüşi ýok adamlarda «COVID-19» howpunyň 13 göterim azalandygyny ýüze çykardylar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň