Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow hindi kärdeşi bilen derman önümçiligindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

21:0015.10.2020
0
1441

Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ram Natha Kowindanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «SNG. Today» Hindistanyň döwlet Baştutanynyň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Ilki bilen, döwlet Baştutanlary asyrlarboýy taryhy we medeni kökler bilen baglanyşykly Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.

Taraplaryň global çökgünlige garamazdan, iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üstünliklerini nygtamak bilen, söwda we ykdysady ugur barada pikir alyşandygyny bellemek möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda derman we söwda ýaly ugurlary has-da berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem Ram Nat Kowind Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň