DiKaprio, Lawrens, Blanşett, Strip, Grande dagy “Netflix”-iň täze filminde

17:0415.10.2020
0
957

Dünýä belli media platformasy “Netflix”-iň täze kinolarynyň biri “Don’t Look Up” (“Ýokaryňa seretme”) diýlip atlandyrylýar. Režissýor Adam MakKaýyň surata düşürjek bu filminde Golliwudyň meşhur artistleriniň ençemesi surata düşer. Köpleriň pikirine göre film soňky ýyllaryň kastingi boýunça iň özüne çekiji kinosy hasaplanýar. Başgaça aýdylanda, bu filmde adynyň tutan artistiň bar. Eýýämden köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan filminde oskarly Leonardo DiKaprio, Jennifer Lawrens, Meril Strip, Keýt Blanşett, şeýle-de Rob Morgan, Jona Hill, Himeş Patel, Timoti Şalame, Ariana Grande, Kid Kudi, Mattýuw Perri, Tomer Sisli ýaly belli artistler dürli keşpleri janlandyrarlar. “The Big Shot” (“Uly şowsuzlyk”), “Vice” (“Wise-prezident”) ýaly filmler bilen Oskaryň birnäçe ugry boýunça dalaşgär görkezilen Adam MakKaý täze filmiň ssenarisini özi ýazar. Filmde ullakan meteor daşlarynyň Ýer şaryna tarap golaýlap gelýändigini öwrenen 2 asman jisimlerini öwrenijileriniň başdan geçiren wakalara barada gürrüň berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň