Soňky habarlar

Arhiw

Belarussiýa GDA ýurtlaryna süýt önümleriniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär

09:5015.10.2020
0
694

 Şu ýylyň sekiz aýynda süýt önümleriniň eksporty 1,6 milliard dollar boldy. Bu bolsa geçen ýyldakydan 7 göterim köpdür.   

Pars aýlagy we Afrika ýurtlary ýaly täze bazarlar hem açylýar. Uzakda ýerleşýän ýurtlara esasan,  süýt, peýnir we tworog iberilýär. Belorussiýanyň Oba hojalygy we Azyk senagaty ministrliginiň bellemegine görä, pandemiýa söwda täsir etmedi.

“Belarussiýa süýt önümlerini eksport etmek üçin strategiýa işläp düzdi. Bu strategiýa laýyklykda esasy satuw bazarlaryny kesgitledik. Şol bazarlaryň birinjisi GDA ýurtlarynyň bazarydyr. Biziň üçin indiki gaty gyzykly bazar Aziýa bazary bolar." – diýip, Belarus Respublikasynyň Oba hojalygy we Azyk ministrliginiň esasy bölüminiň başlygy Alekseý Bogdanow aýtdy. Şeýle-de, ol: “Süýt öndürijiliginiň ýokarlanmagy sebäpli eksport köpelýär. Geçen ýyl ýedi million tonna süýdüň mukdaryna ýetmegi başardyk. Şu ýylyň sekiz aýynda bu görkeziji eýýäm 300 müň tonna köpdür. Bularyň hemmesi önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýurtda bäş ýylda geljek süýt önümçiligini ýylda dokuz million tonna çenli ýokarlandyrmak wezipesi durýar.” – diýip belledi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň