Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat we Strasburg ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekçi

22:1114.10.2020
0
8297

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Strasburg (Fransiýa) uniwersitetiniň wekilleriniň arasyna onlaýn-duşuşyk geçirildi, onuň barşynda ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklaryň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Fransuz tarapyndan duşuşyga halkara gatnaşyklary boýunça wise-prezident Iren Ýakoberger we Strasburg uniwersitetiniň halkara taslamalary boýunça işgäri Aurelien Jordan, türkmen tarapyndan -- HYYweÖU-niň prorektorlary Göwher Akmyradowa bilen Nurmuhammet Şyhlyýew gatnaşdylar.

Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ylym-bilim merkezleriniň gurluşy we işi barada maglumat alyşdylar, şeýle hem akademiki alyşmalaryň geljegine garadylar. Onlaýn-duşuşygyň barşynda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Strasburg uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekmek mümkinçiligine garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň