Soňky habarlar

Arhiw

«Ter önüm» gawundan süýt alar

21:2714.10.2020
0
1119

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti gawundan çipsiler bilen birlikde, süýdüň alynmagyny hem ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada hojalyk jemgyýetini esaslandyryjylaryň biri Döwletgeldi Ballyýew «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde belleýär.

Telekeçi söhbetdeşlikde şeýle belleýär:

— Has irki döwürlerde türkmenleriň gawuny Güne kakadýandyklary geň görlen bolsa, indi dünýä üçin başga bir zat uly täzelik bolar. Ol hem gawundan süýdüň alynmagy we dürli görnüşli çipsileriň taýýarlanylmagy. Tizara olaryň önümçiligi hem giň gerimde ýola goýlar. Bu täze önümleri öndürmek başlangyjy-da «Ter önüm» hojalyk jemgyýetine degişli. Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň degişli laboratoriýalarynda gawundan taýýarlanylan çipsileriň ilkinji nusgalarynyň synag-barlag işleri üstünlikli tamamlandy. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky, şeýle-de daşary ýurtlardaky müşderileriň gawun çipsilerine bolan reňk, tagam hem görnüş babatdaky islegleri nazara alnyp, bu täze önümi köp mukdarda öndürmekligi ýola goýmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şunda gyzyklanma bildirýän her bir ýurtdaky müşderileriň biri-birinden tapawutlanýan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagy, şoňa laýyklykda, önümiň dürli görnüşleriniň öndürilmegi göz öňünde tutulýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň