Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerleri boýunça çäklendirmeler ýene bir aý uzaldyldy

16:0414.10.2020
0
3276

Türkmenistanda ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kärhanalaryň işine girizilen çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy.

Ýiti öýken sowuklama keselini döredijileriň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kärhanalaryň işine girizlen çäklendirmeleriň möhleti 15-nji noýabra çenli uzaldyldy.

Bu Karara laýyklykda kinoteatrlaryň, teatrlaryň, oýun-attraksion seýilgähleriniň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (ýüzülýän howuzlaryň, fitnes we aerobika klublarynyň) işi çäklendiriler.

Bu çäklendirmeler eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gysga möhletli tölegli okuw kurslarynyň we oýun merkezleriniň işine hem degişlidir.

Mundan öň, hyzmat ulgamynyň kärhanalarynyň işine girizlen çäklendirmeler 15-nji oktýabra çenli diýip bellenilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň