Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokarda

15:5514.10.2020
0
1165

Bütindünýä bankynyň klassifikasiýasy boýunça Türkmenistan girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hataryna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ulgamynyň durnukly ösüşine beren seljermesinde aýdylýar.

Bularyň ählisi milli girdejiniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin degerli şertleri döredýär we häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz meýillere garamazdan, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda durnukly ösüş depginleri saklanyp galýar.

Hökümetiň 2020-nji ýylyň dokuz aýynyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle maglumatlary getirdi: içerki önüm, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,8 göterim, önüm öndürilişi 4,2 göterim ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň