Soňky habarlar

Arhiw

Mihail Mişustin: «Ýewraziýa ýurtlary koronawirusa garşy rus sanjymyny ilkinji bolup alanlaryň arasynda bolmaly»

10:5414.10.2020
0
1007

Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin anna güni Ýerewanda geçirilen Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisinde: «Russiýanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigindäki hyzmatdaşlary  koronawirusa garşy rus sanjymyny ilkinji alanlaryň arasynda bolmaly.» – diýip belläp geçdi. Şeýle-de, ol awgust aýynda Russiýada ilkinji koronawirus sanjymynyň hasaba alnandygyny ýatlatdy. 

Mişustin öz sözüni dowam edip: «Biz eýýäm ýylyň ahyrynda rus raýatlaryna meýletin köpçülikleýin sanjym etmek üçin mümkinçilikler döredýäris. Russiýada köpçülikleýin sanjym başlananyndan soň, rus sanjymyny aljak ilkinji ýurtlaryň arasynda Ýewraziýa hyzmatdaşlarynyň boljakdygyna ynanýarys.» – diýdi.

Premýer-ministr  Russiýanyň koronawirus keselini anyklamaklyk üçin synag ulgamlaryny Ýewraziýa bileleşiginiň ýurtlaryna geçirendigini, Ermenistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Moldowada işleýän rus lukmanlarynyň syrkawlara maslahat berendigini we lukmançylyk kömegini edendigini aýtdy. Mişustin «Özara hyzmatdaşlygyň şeýle tejribesi hassalyk ýokarlanan halatynda has möhümdir. Zerur halatynda bu bäş döwlet gyssagly çäreleri görmäge taýýardyr.» – diýip belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Mihail Mişustin öz çykyşynyň ahyrynda Ýewraziýa ýurtlarynyň umumy maksatlarynyň – raýatlarynyň janyny we saglygyny goramaklyk maksatlarynyň bardygyny uly buýsanç belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň