Soňky habarlar

Arhiw

Telekeçi N.Gapurow 4 million pomidor şitilini ýetişdirdi

22:5113.10.2020
0
603
Telekeçi N.Gapurow 4 million pomidor şitilini ýetişdirdi

Tejribeli telekeçi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Nurmuhammet Gapurow şu ýyl bir aýyň dowamynda 160 gektarda pomidoryň saýlama görnüşiniň 4 million şitilini ösdürip ýetişdirdi. Bu barada «Rysgal» gazetinde taýýarlanylan söhbetdeşlikde bellenilýär.

Telekçi N.Gapurow gazetiň habarçysynyň sowallaryna şeýle jogap berýär:

 — Men birnäçe ýyl bäri özüme bölünip berlen ýerde guran ýyaldyşhanamda pomidor ösdürip ýetişdirýärin. Şu ýyl ýyladyşhanamyzyň 5 gektaryna pomidoryň redons görnüşini ekdik. Ýygnalan hasyl bilen içerki bazary doly üpjün edip, galanyny daşary ýurtlara eksport etdik. Biz bu babatda, esasan, Russiýa, Gazagystan, Owganystan, Gyrgyz Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk edýäris.

Şitil ýetişdirmek işini bolsa 2019-njy ýylda ýola goýduk. Şu ýyl bir aýyň dowamynda 160 gektarda pomidoryň saýlama görnüşiniň 4 million şitilini ösdürip ýetişdirdik. Biz geçen ýyllar ýyladyşhanalarymyzda ekjek önümlerimiziň şitillerini daşary ýurtlardan getirýärdik. Daşary ýurtlardan getirýän şitillerimiz özleri bilen dürli keselleri hem alyp gelýärdiler. Gök we bakja ekinleri üçin ýaramsyz bolan keseller bolsa köpçülikleýin ýaýraýardy. Indi özümizde ýetişdirýän şitillerimiz hem ozalky import edýänlerimizden birjik-de pes däl. Olaryň hasyllylygy, tagamy we hili hem müşderilerimiziň islegini doly kanagatlandyrýar. Şitilleriň özümizde ýetişdirilmegi, ozalky keselleriň öňüni almakda örän oňaýly mümkinçilikleriň biri boldy. Geljekde şitillerimizi daşary ýurtlara hem ibermegi meýileşdirýäris. Häzirki wagtda bu babatda degişli işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň