Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda gepleşikleriň nobatdaky tapgyry geçirildi

22:1813.10.2020
0
5906

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleler boýunça orunbasary Adel Siraž Saleh bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, dürli derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň saparlaryny guramaga taýýardygy beýan edildi.

Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine hem seredildi.

Ykdysadyýet we ulag, söwda, gurluşyk, himiýa senagaty we oba hojalyk ulgamlaryna maýa goýumlaryny goýmak türkmen-saud işewürlik gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol gatnaşyklara aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda taraplar türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň eksport ugruny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny bellemek bilen, taraplar bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Şeýle hem dünýä möçberinde häzirki epidemiologik ýagdaýyň kadalaşmagy bilen, özara Medeniýet günleriniň geçirilmegini dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň