TÝL ― 2020, 18-nji tapgyr: «Ahal» bilen «Şagadamyň» arasynda ýeňiji ýok

21:2613.10.2020
0
4209

Şu gün, 13-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçirilen duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyryna badalga berildi ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

“Nusaý” stadionynda geçirilen duşuşykda ýaryş tertibiniň ikinji hem-de üçünji orunlaryny eýeleýän “Ahal” bilen “Şagadam” toparlary duşuşdylar.

Esasy üns goragda jemlenen duşuşykda hasap açylmady – 0:0.

Şeýlelikde geçirilen duşuşyklardan soň ikinji ornuny saklap galan “Ahal” 36, “Şagadam” bolsa 29 utuk toplamagy başardylar.

18-nji tapgyryň çäginde 14-nji oktýabrda geçiriljek duşuşyklarda “Merw” – “Aşgabat”, “Altyn Asyr” – “Köpetdag” hem-de “Nebitçi” – “Energetik” toparlary duşuşarlar.

 

18-nji tapgyryň duşuşygynyň netijesi:

 “Ahal” – “Şagadam” – 0:0

Duýduryş: 90+4 Begenç Gylyçnyýazow (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

17

12

4

1

45-13

40

2.

“AHAL” FK

17

11

3

3

34-12

36

3.

“ŞAGADAM” FK

18

8

5

5

26-19

29

4.

“KÖPETDAG” FK

17

7

6

4

19-13

27

5.

“AŞGABAT” FK

16

4

5

7

16-25

17

6.

“MERW” FK

16

5

1

10

16-26

16

7.

“NEBITÇI” FK

17

4

2

11

14-39

14

8.

“ENERGETIK” FK

16

2

2

12

14-37

8

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň