Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Perm ülkesi bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder

20:3013.10.2020
0
2767
Türkmenistan Perm ülkesi bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow Perm ülkesine iş saparynyň çäginde sebitiň ýolbaşçysy Dmitriý Mahonin bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen sebitiň arasyndaky ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Atadurdy Baýramow mähirli kabul edilendigi üçin gubernatora hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň Wolga-Kamsk sebitleri bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanýandygyny, hususan-da suw ulaglary üçin mümkinçilikleriň kändigini aýtdy.

Şeýle hem Baş konsul saparyň dowamynda Perm döwlet milli gözleg uniwersitetinde türkmen talyplary bilen duşuşandygyny, bu ýerde ýokary bilim almak üçin ähli şertleriň döredilendigine göz ýetirmek mümkinçiliginiň dörändigini nygtady.

«Sebitiň we ýurdumyzyň işewür gurluşlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip edýäris. Dünýädäki häzirki ýagdaýy göz öňünde tutup, birinji tapgyrda duşuşyklar onlaýn görnüşinde bolup biler. Munuň geljekde iri taslamalary durmuşa geçirmekde itergi boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Konsul geljek ýylda sebitiň ýolbaşçysyny Türkmenistana sapar bilen çagyrdy.

Gubernator Dmitriý Mahonin hem öz gezeginde Kama sebitiniň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gowy mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Ol ýylyň başyndan bäri Türkmenistan bilen söwdanyň 6 million dollardan gowrak bolandygyny, munuň 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse köpdügini aýtdy.

«Sebitimiziň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris. Diňe ykdysadyýetde we bilimde däl, eýsem, sportda we medeniýetde hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly geljegimiziň bardygyna ynanýaryn» diýip, gubernator aýtdy.

Dmitriý Mahonin noýabr aýynyň ikinji ýarymynda meýilleşdirilýän Perm birža maslahatyna gatnaşyjylaryň sanawyna Türkmenistanyň wekillerini goşmagy tabşyrdy, şeýle hem türkmen türgenlerini Permde her ýyl geçirilýän halkara marafona we sebitiň paýtagtynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý çärelerine çagyrdy.

«Ýakyn geljekde taraplarymyzyň arasyndaky söwdany artdyrmak, medeni we ynsanperwer ugurda özara täsirleşmek mümkinçiligini birleşdirjek sosial-ykdysady hyzmatdaşlyk barada şertnama taýýarlamak meselesini goýaryn» diýip, gubernator duşuşygyň ahyrynda aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň