Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby Hyratda tanyşdyryldy

19:0213.10.2020
0
5147

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Konsullygynda Hyrat we Badhyz welaýatlarynyň türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň konsuly we Owganystanyň abraýly türkmen wekilleri çykyş edip, kitabyň aýratynlyklary hem-de onuň milli we dünýä gymmatlyklaryny ösdürmekdäki esasy orny barada nygtadylar.
Hyratly türkmen ýaşlarynyň wekili, bu edebi eseriň neşir edilmeginiň Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasy tarapyndan uly buýsanç we begenç duýgulary bilen kabul edilendigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň