Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada “NAUKA 0+” atly giň gerimli meşhur ylym festiwaly başlandy

09:5013.10.2020
0
770

"NAUKA 0+” atly 15-nji Bütin Rus Festiwalynyň açylyş dabarasy Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň Esasy Kitaphanasynda geçirildi. Açylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Sergeý Lýulin, bilim ministriniň orunbasary Wiktor Basýuk we “Rosatom” korporasiýasynyň baş müdiri Alekseý Lihaçýow gatnaşdy.

Bu ýyl esasy temasy "Geljegiň fizikasy" bolan “NAUKA 0+” festiwaly adatça "Nobel hepdeligi" wagtynda geçirilýär. Festiwaly açan Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň rektory Wiktor Sadowniç rus alymlarynyň şu ýylky Nobel baýragyna goşan goşandy barada uly buýsanç bilen belläp geçdi. Rektoryň dünýädäki esasy ylmy baýragy gowşurmagyň netijeleri baradaky düşündirişleri açylyş dabarasynyň hökmany aýratynlygydyr.

4 günüň dowamynda ýagny 10-11-nji oktýabrda we 17-18-nji oktýabrad Festiwalyň gatnaşyjylary 32 ylmy ugurda interaktiw nazaryýet meýilnamasyny gurarlar. Çykyş edenler 5 Nobel baýragynyň eýesi bolar, festiwalyň sözbaşysy Amerikaly teoretiki fizik we ylymyň meşhurçysy Miçio Kaku bolar. Bu ýyl ähli çäreler onlaýn ýagdaýda geçiriler.

Festiwalyň maksatnamasy 2000-den gowrak çäräni öz içine alýar: Nobel baýragynyň eýeleri we ylym meşhurlary, wirtual laboratoriýa, özüne çekiji ylym görkezişleri, interaktiw sergiler, adamzadyň geljegi barada çekişmeler,

“Science Slam” atly ylmy ýaryşlar, şeýle hem ilkinji wirtual ylym muzeýi –  NAUKA 0+ gipermuzeý. 

"Ylym adamy" atly täze taslamanyň çäginde ýaş alymlar we ylym meşhurlary TikTok onlaýn platformasynda öz hünärleri barada pikir alyşarlar

Festiwal çärelerine gatnaşmak mugt. Festiwalyň wakalaryna “festivalnauki.ru” web sahypasyna girip bilersiňiz, şeýle hem TikTok hasabyňyzda göni ýaýlymda görüp bilersiňiz. 

“NAUKA 0+” atly Bütin Russiýa Ylym Festiwaly  dünýäde ylym ýaýratmak boýunça iň uly bilim taslamasydyr we  her ýyl oktýabr-noýabr aýlarynda Russiýanyň 80 sebitinde 400-den gowrak ýerde geçirilýär.

Festiwal Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary Bilim ministrligi tarapyndan Moskwa hökümetiniň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň we M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň goldawy bilen geçirilýär. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň