Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine muzdsuz tiz kömek awtoulagyny berdi

22:4712.10.2020
0
19989

Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň tiz kömek awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ilata edilýän tiz lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 1 sany “UAZ 39629-016” kysymly tiz kömek awtoulagyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenen tertipde muzdsuz bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň