Zyýansyzlandyryş işleri üçin Türkmenistana 300 sany täze pürküji geldi

17:4412.10.2020
0
17483

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi arassaçylyk we öňüni alyş maksatlary bilen ulanmak üçin BMG-niň Ilat gaznasyndan (ÝUNFPA) 300 sany pürküjileri aldy. Bu barada ÝUNFPA sosial torlarynda habar berdi.

Dezinfesirleýji serişdeleriň getirilmegi BMG-niň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, Ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmegiň milli meýilnamasyna laýyklykda amala aşyryldy.

Mundan başga-da, ÝUNFPA ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek maksady bilen dogrumlary geçirmek boýunça kliniki gözükdirmeleri ornaşdyrmak işinde hem ministrlige ýardam berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň