Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ýanyk kesellerini bejeriş we Estetiki merkezlerine halkara şahadatnamalaryň birnäçesi gowşyryldy

15:2011.10.2020
0
8309

Paýtagtymyzda täze saglyk merkezleriniň işe girizilmegi mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäginde olara halkara şahadatnamalarynyň hem birnäçesi gowşuryldy.

Halkara ýanyk kesellerini bejeriş merkezine Germaniýanyň ýanyk kesellerini bejeriş assosiasiýasy tarapyndan «Döredijilik tehnologiýalaryny ulanyp, sebitdäki iň gowy ýanyk kesellerini bejeriş merkezi» diýlen şahadatnama berildi. Şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasynda hem aýdylyşy ýaly, bu ýerde Ýewropa talaplaryna laýyk gelýän innowasion bejeriş enjamlary oturdylypdyr.

Şeýle hem, täze lukmançylyk merkezine Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa instituty tarapyndan ýokary tehnologiýa we innowasiýa şahadatnamasy gowşuryldy.
Paýtagtymyzda açylan beýleki bir möhüm ähmiýetli saglyk ojagy bolan Estetiki merkezi Awstriýanyň estetiki lukmançylyk birleşiginiň «Hil we ajaýyplyk üçin»; Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lýuserne uniwersitetiniň «Dizaýnyň özboluşlylygy üçin» we «EmSi» estetiki klinikalarynyň «Iň oňat innowasiýaly estetiki merkezi» şahadatnamalaryna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň