Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly suwda ýüzüji FINA-nyň geçiren onlaýn çäresine gatnaşdy

12:4711.10.2020
0
9414

Suwda ýüzmek boýunça halkara federasiýa (FINA) ýakynda wirtual çäre gurady. Oňa Kazanyň (Tatarystan Respublikasy), Phuketiň (Tailand) we Floridanyň (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) suwda ýüzmek merkezleriniň türgenleri gatnaşdy.

«Tatar-inform» neşiriniň berýän habaryna görä, Kazandaky çärelere türkmenistanly suwda ýüzüji Musa Jalaýew hem gatnaşdy. Ol makedoniýaly Dawor Petrowskiý bilen birlikde 200 metr aralykda garyşyk şekilde ýüzmek boýunça ussatlygyny görkezdi. Neşir bu ýüzüşiň wirtual çärede hut şu görnüş boýunça ýüzen türgenleriň arasynda iň gowy netijäniň bolandygyny neşir habar berýär.

Geljegine uly umyt bildirilýän türgen Musa Jalaýew häzirki wagtda FINA-niň ýörite maksatnamasy boýunça Kazanda türgenleşýär. Ol Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Suw sporty federasiýasy we FINA tarapyndan geçirilen saýlawlaryň netijesinde türgenleşikler üçin dostlukly döwlete ugradyldy. Musanyň Tatarystanyň we Russiýanyň çempionatlarynda hem üstünlikli ýaryşýandygyny aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň