Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti göreldeli saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurdy

23:2410.10.2020
0
9594

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli aşakda atlary görkezilen saglygy goraýyş işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Gökdepe şäherindäki «Ene mähri» merkeziniň şepagat uýasy Şasoltan Ataýewna Ataýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Mähri Artykowna Annabaýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň merkezleşdirilen barlaghanasynyň lukmany Şirin Mekandurdyýewna Jumakulyýewany;

«Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly at:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi boýunça müdiri Nurmämmet Öweznepesowiç Serdarowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Türkmenbaşy şäher hassahanasynyň baş lukmany Tahyr Annataganowa;

«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly at:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Stomatologiýa merkezi boýunça orunbasary Ýagmyr Orazmuhammedowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi boýunça orunbasary Gylyçnepes Oraznepesowiç Annanepesowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi boýunça orunbasary Täçmyrat Durdymuhommedowiç Altyýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň hirurgiýa toplumynyň anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminiň müdiri Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň endokrinologiýa toplumynyň anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminiň müdiri Myrat Amanowiç Gutlyýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkeziniň lukmany Raşid Nurislamowiç Ýusupowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň dosenti Atadurdy Annalowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň müdiri Baýramberdi Guldurdyýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýat Köpugurly hassahanasynyň newrologiýa bölüminiň müdiri Ýegenmet Guwançewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat Köpugurly hassahanasynyň toksikologiýa we gemodializ bölüminiň müdiri Murat Çölliýewiç Haknazarowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýat Köpugurly hassahanasynyň infarkt bölüminiň müdiri Ataguly Kulyýewe.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň