Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýylyň 9 aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

17:2910.10.2020
0
11182

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlisiň gün tertibine ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler hem girizildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň işine baha berildi.

Hökümetiň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň hem-de žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Milletiň Lideri gün tertibini yglan edip, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine garady. Şeýle hem pudaklar boýunça ýylyň 9 aýynda edilen işlere seljerme berildi.

Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutany ýolbaşçy düzümiň öňünde täze wezipeleri hem goýdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopediki işiniň 12-nji tomunyň çapdan çykandygyny habar berdi.

Mejlisde resminamalaryň uly toparyna hem gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň