GDA ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky parlamentara mejlisi Beýik Watançylyk urşunyň sapaklaryny ýatdan çykarmazlyga çagyrdy

15:2810.10.2020
0
2785

GDA ýurtlarynyň Ýaşlarynyň arasyndaky parlamentara mejlisi arkalaşyga girýän döwletleriň ähli ýaşlaryna Beýik Watançylyk urşunyň sapaklaryny ýatdan çykarmazlyk we taryhy galplaşdyrmak synanyşyklaryna garşy durmak haýyşy bilen ýüz tutdy.

 Sankt-Peterburg teleýaýlymynyň habarçysynyň habar berşi ýaly, ýaş deputatlar Tawride köşgünde bolup geçen ýygnakda öz teklipleri bilen ýüz tutdular. Bu çäre Beýik ýeňişiň 75 ýyllygyna  bagyşlandy.

Duşuşykda möhüm senäniň hormatyna geçirilen ähli çäreleriň netijeleri jemlendi. Bularyň içinde iň hyjuwlysy “ýatlama setirleri” çäresi boldy. Bu çärede syýasatçylar, artistler, türgenler milli şahyrlaryň uruş baradaky eserlerini okadylar.

Duşuşyk onlaýn ýagdaýda geçirildi. Sankt-Peterburg şäherine diňe Moldowa Respublikasynyň wekillerii geldiler. 

Duşuşykda geljek ýyl üçin meýilnamalar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 2021-nji ýylda Özbegistan Respublikasy GDA ýurtlarynyň Ýaşlar Geňeşiniň mejlisine başlyklyk eder. 
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň