Hünär baýramçylygy mynasybetli saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylar

11:2210.10.2020
0
938

«10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy giňden bellenilip geçiler» diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.

Saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleri, aýratyn-da, häzirki döwürde örän uly hormata mynasypdyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany has tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa sylaglara mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy.

Soňra döwlet Baştutany Karara gol çekip, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň