Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Türkmenistanda 21 desga işe girizildi

11:1410.10.2020
0
856

Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanda 21 sany iri desga işe girizildi. Umumy meýdany 1 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda has oňaýly öýleri, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary hem-de beýleki desgalar ulanylmaga berildi. Bular barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.

Häzirki döwürde umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2,5 müň sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda özleşdirilen we abadanlaşdyrylan nebitgaz ýataklaryny, esasy gaz geçirijileri, sport desgalaryny, howa menzillerini, ýollarydyr uly köprüleri, durmuş maksatly desgalary görkezmek bolar. TOPH gaz geçirijisini gurmak, şeýle hem beýleki halkara taslamalaryny amala aşyrmak hem işjeň alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň