Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: «Maldarçylyk hojalyklaryny hususylaşdyrmak işini çaltlandyrmaly»

11:0910.10.2020
0
4979
Berdimuhamedow: «Maldarçylyk hojalyklaryny hususylaşdyrmak işini çaltlandyrmaly»

«Ýurdumyzda öňde duran esasy wezipeleriň biri bolan maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak yza galýar» diýip, döwlet Baştutany 9-njjy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlendi.

Şunuň bilen birlikde, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň haýal hususylaşdyrylýandygy aýdyldy. Bu hojalyklaryň 35-sinden häzire çenli diňe 2-si hususy eýeçilige berlipdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga alan hususy taraplaryň işine, şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirişine gözegçiligi güýçlendirmek wajypdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady. Şeýle hem wise-premýere gowaça tohumynyň hilini gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almagyň wajypdygyny aýdyp, munuň üçin zeýkeşleri çekip, bar bolanlaryny arassalap durmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň