Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk pudagynyň işine nägilellik bildirdi

10:5810.10.2020
0
14211

9-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gurluşygyň ýagdaýyny seljermegiň zerurdygyna wise-premýer Ş.Durdulyýewiň hem-de gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, dürli desgalary gurmak boýunça örän köp çäreleriň kabul edilendigine garamazdan, olaryň köpüsi ýerine ýetirilmän galýar.

Bizde geljekde täze şäherleri we şäherçeleri gurmagyň ägirt uly meýilnamalary bar diýip, döwlet Baştutany nygtady hem-de olaryň amala aşyrylmagy üçin ähli şertleriň — maliýe serişdeleriniň, köp mukdarda çig malyň, iň esasy bolsa, hünärli işgärleriň bardygyny belledi. Ýöne şol meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin zerur mukdarda gurluşyk serişdelerini öndürmegi üpjün etjek guramaçylyk işleri ýeterlik däl diýip, milletiň Lideri aýtdy hem-de wise-premýere bu işleriň ählisini seljermegi tabşyrdy.

Gurluşygyň binýadyny ösdürmäge esasy üns bermek zerurdyr. Şeýle hem gurluşyk senagatyny ösdürmek, bu ugurda täze önümhanalary we kärhanalary gurmak wajypdyr. Gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly üpjün eder ýaly, gurluşyk önümçiliginiň kuwwatyny sazlaşykly ösdürmek möhümdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň we onuň ýolbaşçysy R.Gandymowyň adyna hem nägilelik bildirildi. Bellenilişi ýaly, tabşyryk berlendigine garamazdan, häzire çenli hem gurluşyk düzgünleri we kadalary, desgalar gurlanda ulanylýan nyrhlar halkara standartlaryna laýyk getirilmändir. Desgalaryň gurluşygyna hem ýaramaz gözegçilik edilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygyny çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň