Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar geçen ýyldakydan 3 essä golaý artdy

10:5610.10.2020
0
1412

Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanda bankomatlar, terminallar, Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda ulgamlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 2019-njy ýylyň şol döwründäkisi bilen deňeşdirilende, 2,86 esse ýokarlandy. Bu barada Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew 9-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Şeýle hem 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dokuz aýda ýurdumyzyň banklary tarapyndan hojalyk edaralaryna berlen karz serişdeleriniň möçberi 15,3 göterim, döwlete degişli bolmadyk ulgama berlen karzlaryň möçberi 20,5 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň möçberi 41,9 göterim, hususy telekeçileri goldamak üçin berlen ýeňillikli karzlaryň möçberi 3,9 göterim ýokarlandy.

Merkezi bankyň ýolbaşçysy ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hasabyna harytlaryň eksporty we ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin daşary ýurt pul serişdeleriniň gelip gowuşmagyna degişli meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mejlisde aýdyşy ýaly, pandemiýa zerarly ýüze çykan häzirki kynçylyklara garamazdan, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleri dowam etmek zerurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň