Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti: «Ýurduň ähli welaýatlarynda ýokary tizlikli Interneti ornaşdyrmaly»

23:4409.10.2020
0
10170

Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň ähli welaýatlarynda elýeterli ýokary tizlikli Interneti ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýtdy.

Milletiň Lideri görülýän çäreleriň sanly ulgamy döretmäge ýardam berjekdigini, bilimiň we döwlet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny, telekeçilik işleriň giňeldilmegini üpjün etjekdigini, şeýle hem welaýatlaryň ösüşini tizleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýer B.Öwezowa beýleki wise-premýerler bilen bilelikde örän ýakyn wagtda bu ugurdaky işleriň anyk möçberi hem-de olary ýerine ýetirmegiň möhleti baradaky maglumatlary taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa käýinç yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň